DÝHG-niň başlygy: Merkezi ulag geçelgesiniň ösdürilmeginde Türkmenistanyň orny möhümdir

17 Aprel 2024
301

Aşgabatda geçirilýän Demir ýollaryň hyzmatdaşlygy guramasynyň agza döwletleriniň demir ýol ulaglary edaralarynyň ýolbaşçylarynyň we jogapkär wekilleriniň maslahatynyň 38-nji mejlisiniň dowamynda DÝHG-niň başlygy Miroslaw Antonowiç «Turkmenportalyň» habarçysyna Merkezi ulag geçelgesiniň ösüşi üçin Türkmenistanyň üstaşyr mümkinçiliklerini pugtalandyrmagyň ähmiýeti barada gürrüň berdi.

«Häzirki wagtda guramamyz 30 ýurdy öz içine alýar we giňelmegini dowam etdirýär. Guramamyza iň soňky agza bolan döwlet Laosdyr» diýip, Miroslaw Antonowiç belleýär.