Parahatçylyga esaslanýan hyzmatdaşlyk

16 Aprel 2024
433

Zamananyň möhüm meseleleriniň sazlaşykly çözgütlerini işläp taýýarlamaga işjeň gatnaşýan Türkmenistan dürli ugurlarda giň halkara hyzmatdaşlygyny ýola goýýar. Munuň şeýledigine ýurdumyzyň BMG-niň esasy ýöriteleşdirilen edaralary bilen netijeli hyzmatdaşlygy, dürli düzümlerinde, komissiýalarynda we maksatnamalarynda alyp barýan işleri aýdyň şaýatlyk edýär. Şol edaralar bilen bilelikde häzir birnäçe taslamalardyr maksatnamalar üstünlikli amala aşyryldy we durmuşa geçirilýär. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda BMG-niň Ykdysady we Durmuş geňeşiniň mejlisiniň dowamynda geçirilen saýlawlaryň netijesinde Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň 2025 — 2029-njy ýyllar üçin BMG-niň Durmuş ösüşi boýunça komissiýasynyň agzalygyna saýlanmagy ösüşli döwrümize ýene bir buýsançly şugla çaýdy. Çünki bu çözgüt hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda halkara gatnaşyklary ulgamyna işjeň goşulyşýan baky Bitarap Watanymyzyň dünýä giňişliginde uly abraýdan peýdalanýandygynyň nusgalyk görkezijileriniň biridir. Ýurdumyzyň BMG bilen hyzmatdaşlygynyň esasy ýörelgeleri ählumumy parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmek, Durnukly ösüş maksatlaryny durmuşa geçirmek, şeýle-de dünýä jemgyýetçiliginiň gün tertibinde duran birnäçe möhüm meseleleriň çözgüdini tapmak boýunça özara gatnaşyklary işjeňleşdirmek bolup durýar.

Ýurdumyzyň ähli gyzyklanma bildirýän taraplar bilen köpugurly hyzmatdaşlygy hemmetaraplaýyn giňeltmäge we pugtalandyrmaga bolan tagallasy häzirki döwrüň möhüm ykdysady we durmuş wezipeleriniň çözülmegine önjeýli goşandyny aňladýar. Bar bolan döredijilik kuwwatlyklaryň tutuş adamzadyň bähbidine gönükdirilmegi ýaly ýörelgeler dünýä bileleşigi tarapyndan mynasyp baha eýe bolýar. Ine, Watanymyzyň Milletler Bileleşiginiň ýene bir iri düzümine geljek üç ýyl üçin agzalyga saýlanmagy netijeli gatnaşyklaryň, ýurdumyzyň öz saýlap alan syýasy we ösüş ugruna ygrarlydygynyň aýdyň görkezijisidir. Türkmen bedewiniň milli baýramynyň öň ýanynda BMG-niň ştab-kwartirasyndan gelip gowşan hoş habar köptaraply hyzmatdaşlygyň giňeldilmegine meýilleri hem-de ýurdumyzyň ählumumy hyzmatdaşlygyň bu iri meýdançasynda täsiriniň güýçlenýändigini tassyklady. Geçirilen saýlawlaryň dowamynda EKOSOS-yň agzalary 2025 — 2029-njy ýyllar döwri üçin BMG-niň Durmuş ösüşi boýunça komissiýasynyň agzalygyna Türkmenistanyň dalaşgärligini biragyzdan goldamaklary buýsandyryjydyr.

Oguljemal NURMYRADOWA,
«Ahal durmuşy».