Magtymguly — many ummany

15 Aprel 2024
702

Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň şygyrlary biziň her birimiz üçin ýol-ýörelge mekdebidir. Onuň goşgularyny ýat bekläp, dürdäne setirlerinden her bir ädimimizde sapak almak, ussat şahyryň öwüt-ündewlerine uýup, pentlerini görelde edinmek biz — ýaş nesilleriň borjudyr. Şahyryň goşgularynyň many-mazmunyna akyl ýetirmek üçin onuň her bir sözüne düşünmek, aňladýan manysyny, gelip çykyşyny öwrenmek gerek. «Güneş» žurnalynyň «Söz manysy» atly sahypasynda Magtymguly Pyragynyň şygyrlarynda duş gelýän sözler barada maglumat berseňiz, has-da täsirli bolar.

Käbe TAGANOWA,
Aşgabat şäherindäki ýöriteleşdirilen 29-njy orta mekdebiň okuwçysy.

Şöhrat ABDYÝEW,
mirasgär.