Hoş geldiň, hokkeý baýramy!

15 Aprel 2024
463

Güneşli ýurduň güneşli paýtagtynda – ak şäherimiz Aşgabatda apreliň hoştap howaly günlerinde buzly sport baýramçylygy — hokkeý boýunça halkara ýaryş geçirilýär. Geografik giňişligi Merkezi Aziýadan demirgazyga — Russiýa, günbatara — Türkiýä, ýakyn Gündogar ýurtlaryna çenli uzaýan ýaryşyň ilkinji myhmanlary eýýäm öňňin — 13-nji aprelde gelip başladylar. Düýn bolsa gatnaşyjy toparlaryň ählisi paýtagtymyzdaky buzly sport toplumlarynda türgenleşikleri alyp bardy. Şeýle hem düýn halkara ýaryşyň öňüsyrasynda tälimçilerdir eminleriň okuw maslahaty, metbugat maslahaty we myhmanlaryň Arkadag şäherine gezelenji guraldy.

«Akylly» şähere gezelenç

Agageldi ITALMAZOW.
«Türkmenistan». Surata düşürenler Ilaman ÇÜRIÝEW, Dörtguly MYRATGULYÝEW.