Dostlukly gatnaşyklar berkidilýär

12 Aprel 2024
444

Türkmenistan bilen Gruziýanyň arasyndaky deňhukuklylyk, birek-birege hormat goýmak ýörelgeleri esasynda guralýan gatnaşyklar däp bolan dostlukly häsiýete eýe bolup, munuň şeýledigini 9-njy aprelde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Gruziýanyň Parlamentiniň Başlygy Şalwa Papuaşwilini kabul etmegi nobatdaky gezek tassyklaýar.

Döwletara hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary boýunça pikir alyşmalaryň barşynda söwda-ykdysady ulgamda, şol sanda energetika, senagat, saglygy goraýyş we beýleki pudaklarda gatnaşyklaryň netijeli häsiýete eýedigi nygtaldy. Şunda ulag-logistika ulgamyndaky hyzmatdaşlyk hem esasy ugurlaryň biri hökmünde görkezildi. Bellenilişi ýaly, biziň ýurtlarymyz türkmen-gruzin gatnaşyklaryny iki döwletiň anyk mümkinçiliklerine we isleglerine laýyk gelýän, hil taýdan täze derejä çykarmak üçin ýeterlik kuwwata eýedirler.

«Nesil».