Türkmenistan «EKSPO 2025» Bütindünýä sergisine gatnaşyjy ýurtlaryň arasynda ilkinji bolup Milli gününi geçirer

12 Aprel 2024
286

Türkmenistan «EKSPO 2025» Bütindünýä sergisine gatnaşyjy ýurtlaryň arasynda ilkinji bolup, has takygy, serginiň açylyşynyň ertesi güni 14-nji aprelde Milli gününi geçirer. Bu barada «Orient» habar berýär.

«EKSPO 2025» Bütindünýä sergisine gatnaşyjy ýurtlaryň Milli günleriniň tertibi golaýda «EKSPO 2025-iň» guramaçysy bolan Ýaponiýanyň Sergiler assosisiýasy tarapyndan mälim edildi.