Ýakynlar we ýürekdeşler

10 Aprel 2024
924

Gahryman Arkadagymyzyň Täjigistan Respublikasyna resmi sapary hakda

Täjigistan tebigaty boýunça ýaz ýakymly ýurt hasaplanýar. Uçarymyz Duşenbe Halkara howa menziline gonmazyndan ozal, daglaryň başyndaky heniz eräp ýetişmedik ak garlar baharda gyşdan galan görnüş bolup göründi. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň 4-5-nji aprelde amala aşyran resmi sapary doganlyk döwlete kuýaş boldy. Birek-birege ýakyn ýürekdeşlik ilkinji pursatlarda Duşenbe Halkara howa menzilinde hem duýuldy. Şäheriň köçelerindäki täjik halkynyň, ýaşlaryň ellerini ýürekleriniň üstünde goýup ýylgyrmasyndan «Hoş geldiňiz, gadyrly doganlarymyz!» diýýän sözleri okamak bolýardy. Binalaryň öňüni bezäp duran «Навруз муборак» diýen ýazgylar bolsa täze güni gutlaýardy.