Daşky gurşawyň goragynda

10 Aprel 2024
818

Halkymyzda bag ekmek, idetmek sogap hem haýyrly iş hasaplanýar. Bag barada birnäçe aýtgylar, pähimler, parasatly sözler köp. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň 2024-nji ýylyň 9-njy fewralynda geçiren Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda ýurdumyzda saýaly, pürli, miweli baglaryň we üzümiň 3 million düýp nahalyny ekmek baradaky taryhy Kararyna laýyklykda, 16-njy martda ýurdumyzda ählihalk ýazky bag ekmek dabarasy giňden geçirildi. Asylly däp ýurdumyzy mundan beýläk-de bagy-bossanlyga öwürmek, gözel tebigatymyzy has-da baýlaşdyrmak, şeýle hem «Türkmenistanyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Milli tokaý maksatnamasyny» üstünlikli durmuşa geçirmek ýaly belent maksatlara gönükdirilendir. Bu bolsa hormatly Prezidentimiziň Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimizde tebigaty goramak, onuň baýlygyny rejeli peýdalanmak we daşky gurşawy sagdynlaşdyrmak baradaky döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar.

Ýurdumyzyň milli baýlygy bolan täsin tebigatymyzy gorap saklamak, ony netijeli peýdalanmak, şol baýlyklary halkymyzyň eşretleri üçin ulanmak, ýurtda we sebitde ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek baradaky tagallalar Türkmenistanyň ykdysady, medeni we durmuş taýdan ösüş ýolunyň ugrudyr. Munuň özi biziň döwlet hukuk ulgamymyzyň binýady bolan Türkmenistanyň Konstitusiýasy arkaly bellenen ýörelgelere esaslanýar. Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň tebigaty goramaga gönükdirilen 53-nji maddasynda her bir adamyň jany we saglygy üçin amatly daşky gurşawa, onuň ýagdaýy barada hakyky maglumata we ekologiýa kanunçylygynyň bozulmagy ýa-da tebigy betbagtçylyk netijesinde saglygyna we emlägine ýetirilen zyýanyň öweziniň dolunmagyna hukugynyň bardygy kepillendirilýär. Şeýle hem, döwletiň ilatyň sagdyn ýaşaýyş şertlerini goramak we üpjün etmek, daşky gurşawy goramak we onuň durnukly ýagdaýyny saklamak maksady bilen tebigy baýlyklaryň rejeli peýdalanylyşyna gözegçilik edýändigi beýan edilýär. Şonuň ýaly-da, her bir adam tebigaty goramaga, daşky gurşawa we tebigy baýlyklara aýawly çemeleşmäge borçludyr.

Orazdurdy ABDYÝEW,
Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty, mejlisiň Ylym, bilim, medeniýet we ýaşlar syýasaty baradaky komitetiniň agzasy.