Türkiýe Russiýa bilen Hytaýyň Aý bekedini gurmak boýunça taslamasyna gatnaşmakçy

10 Aprel 2024
256

Türkiýe Halkara Aý ylmy bekedini gurmak boýunça rus-hytaý bilelikdäki taslamasyna gatnaşmak üçin arza berdi. Bu barada Russiýanyň Ylymlar akademiýasynyň Kosmos barlaglary institutynyň direktory Anatoliý Petrukowiç habar berdi diýip, «MIR 24» ýazýar.

Häzirki wagtda köp ýurtlaryň bu kosmos barlaglaryna gatnaşmaga isleg bildirýändikleri habarda bellenýär.