Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow «Türkmenistanyň Hökümeti bilen Hytaý Halk Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda halkara awtomobil gatnawlary hakynda Ylalaşygy tassyklamak barada» Kanuna gol çekdi. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» neşiri habar berdi.
Bu Ylalaşyga 2023-nji ýylyň 29-njy noýabrynda Aşgabatda geçirilen hyzmatdaşlyk boýunça Türkmen-hytaý Hökümetara komitetiniň 6-njy mejlisinde gol çekildi.