Türkmenistan we Özbegistan iki ýurduň arasyndaky Döwlet serhedini kesgitlemek boýunça Hökümetara toparynyň nobatdaky mejlisini geçirmegi meýilleşdirýär.
Özbegistanyň Daşary işler ministrliginiň habar bermegine görä, 1 — 7-nji aprel aralygynda Nukus şäherinde Türkmenistan bilen Özbegistan Respublikasynyň arasynda Döwlet serhediniň geçýän ugruny kesgitlemek we ony ýerinde bellemek meseleleri boýunça bilelikdäki türkmen-özbek Hökümetara toparynyň mejlisi geçirildi. Hökümetara toparyň nobatdaky mejlisine taýýarlyk meselesi ara alnyp maslahatlaşyldy.