Gadymy däplere esaslanýan dostluk ýoly

9 Aprel 2024
422

Deňhukukly, özara bähbitli hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň netijeli ösdürilmegi Türkmenistanyň daşary syýasatynda ileri tutulýan ugurlaryň biri bolup durýar. Parahatçylyk we ösüş babatynda netijeli çemeleşmeleriň gözlegi, hoşniýetli goňşuçylyk däpleriniň hemmetaraplaýyn berkidilmegi Türkmenistanyň hemişelik üns merkezinde bolmak bilen, halkara ulgamyndaky gepleşikleriň hil mazmunyny kesgitleýär. Gahryman Arkadagymyzyň 4-5-nji aprelde Täjigistan Respublikasyna bolan resmi saparynyň hem gadym döwürlerden bäri dowam edip gelýän dost-doganlyk gatnaşyklaryny, iki halkyň bähbitlerine gabat gelýän hyzmatdaşlyklary täze derejä çykarmakda möhüm ähmiýete eýe boljakdygyna ynanýarys.

Türkmenistan Watanymyz bilen Täjigistan Respublikasynyň arasyndaky gatnaşyklar iki ýurduň döwlet Baştutanlarynyň alyp barýan ählumumy adamzat bähbitli syýasatlarynyň netijesinde, barha täze mazmunlar bilen baýlaşyp ösýär. Iki döwlet hem dostlukly, özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmäge höwes bildirýän deňhukukly hyzmatdaşlar hökmünde çykyş edýärler. Iki döwletiň hem sebit boýunça möhüm geosyýasy, geoykdysady, geostrategik mümkinçiliklere eýe bolmaklary olaryň arasyndaky hemmetaraplaýyn hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ösdürmäge önjeýli goşant goşýar. Gadym döwürlerden gözbaş alýan ruhy-medeni köklere daýanýan, häzirki döwürde deňhukukly, özara peýdaly hyzmatdaşlyk däpleri esasynda ýola goýlan türkmen-täjik gatnaşyklary birek-biregi goldamagyň, ysnyşykly hyzmatdaşlyk etmegiň ajaýyp nusgasyna öwrülýär.

Humaý ANNAÝEWA,
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň mugallymy.