Türkmenistan — Täjigistan: dostluk, ynanyşmak, işewürlik

8 Aprel 2024
483

Aşgabadyň Halkara howa menzilinden asmana göterilen uçarymyz sagat ýarymyň içinde Duşenbä ýakynlaşdy. Uzakdan kiçiräk bolup görünýän dag gerişleriniň gabarasy golaýlaşdygymyzça barha ulalýardy. Gün nuruny bolluk bilen eçilse-de, gaýalaryň ýüzüne örtülen buzdan çaklasaň, daglar heniz «ak possunyny» çykararly däldi. Dag gözelliklerine, täjik tebigatynyň täsinliklerine guwanyp barşymyza, howa menziline ýetenimizi hem bilmedik. Hut şeýle gözellik bu ýurduň milliligine: aýdym-saz sungatyna, lybaslaryna, asylly häsiýetlerine siňipdir. «Huş omaded!» sözleri bilen başlanan mähirli hezzetden soňra milli lybaslara beslenen döredijilik toparynyň çykyşy ýol ýadawlygymyzy aýyrdy. Iş saparynyň tutuş dowamynda täjik halkynyň myhmansöýerliginiň ýokarydygyna göz ýetirdik. Şeýlelikde, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň şu ýylyň 4-5-nji aprelinde Täjigistan Respublikasyna amala aşyran resmi sapary döwletara gatnaşyklaryň taryhynda täze sahypany açdy.

KALPLARA ORNAN GÖZELLIK

Jemal TORYÝEWA,
«Diýar» žurnalynyň baş redaktory. Aşgabat — Duşenbe — Aşgabat.