Özbegistan hem-de Gazagystan bilelikdäki demirýol kärhanasyny dörederler

8 Aprel 2024
483

Özbegistan hem-de Gazagystan Owganystan üsti demir ýol ugruny ösdürmek üçin iki ýurdyň demir ýol edaralarynyň arasynda bilelikdäki kärhanany döretmek barada ylalaşdylar. Bu ylalaşyk Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewiň Hywa şäherine iş saparynyň dowamynda gazanyldy diýip, Gazagystan Lideriniň Diwanynyň metbugat gullugy habar berýär.

Iki ýurdyň baştutanlary Hytaý – Gazagystan – Özbegistan ugry boýunça ýük daşamalary amala aşyrmak maksady bilen, gazak-hytaý serhedindäki we Özbegistandaky ýük terminallaryny birek-birege özara bähbitli esasda ulanmaga bermegi ylalaşdylar.