Türkmenistan we Singapur ulag we logistika pudagynda hyzmatdaşlygy ýokarlandyrýar

28 Mart 2024
417

Ýakynda Türkmenistanyň Koreýa Respublikasyndaky we Singapur Respublikasyndaky ilçisi B.Durdyýew gulluk saparynyň dowamynda Singapur Respublikasynyň Daşary işler ministrliginde ýurduň premýer-ministriniň Kanselýariýasynyň ministri Mohamad Maliki bin Osman bilen duşuşyk geçirdi.

Duşuşygyň barşynda daşary syýasy edaralarynyň öňünde goýlan ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň we köpugurly özara bähbitli hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine hem-de berkidilmegine gönükdirilen maksatlary we wezipeleri amala aşyrmak bilen bagly meselelere seredildi.