Ählumumy abadançylygyň we durnukly ösüşiň bähbidine

22 Mart 2024
474

Şu ýylyň 11-12-nji martynda Aşgabatda geçirilen Türki Döwletleriň Guramasynyň Aksakgallar geňeşiniň 15-nji mejlisi, onda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň beýan eden garaýyşlary köpugurly netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmekde Türkmenistanyň işjeň orun eýeleýändigine ýene bir gezek şaýatlyk etdi. Milli Liderimiziň şu ýylyň 1-nji martynda Türkiýede geçirilen üçünji Antalýa diplomatiýa forumynda eden çuň manyly çykyşy hem hyzmatdaşlygy giň ugurlar boýunça baýlaşdyrmak bilen bagly meselelere bagyşlandy.

Gahryman Arkadagymyzyň pikir-garaýyşlary häzirki zaman syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer, ekologiýa hem-de beýleki möhüm ugurlardaky gatnaşyklaryň hil derejesini mundan beýläk-de ýokarlandyrmak, ählumumy durnukly, abadan, parahat ösüşi üpjün etmek, özara bähbitli gatnaşyklarda oňyn netijeleri gazanmak babatda edilýän ägirt uly alada we tagalladyr. Milli Liderimiziň üçünji Antalýa diplomatiýa forumyndaky çykyşy ýurdumyzyň daşary syýasatynyň 2022 — 2052-nji ýyllar üçin niýetlenen bäş sany strategik ugruny, ýagny bitaraplyk, howpsuzlyk, daşary ykdysady gatnaşyklar, durnukly ösüş, halkara gatnaşyklary ynsanperwerleşdirmek ýaly meseleleri nazary taýdan ösdürmekde we amaly taýdan baýlaşdyrmakda ädilen uly ädim boldy.

Amangeldi RAHMANOW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň kafedra müdiri, taryh ylymlarynyň doktory,Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçi.