Türkmenistanda Ýewropanyň ulag kompaniýalarynyň hyzmatlar merkezlerini açmak maslahatlaşyldy

20 Mart 2024
257

Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow we Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory Mämmethan Çakyýew Belgiýa iş saparynyň çäklerinde Ýewropanyň birnäçe guramalary we kompaniýalary bilen aýratynlykda gepleşikleri geçirdiler. Olaryň çäklerinde Türkmenistanda Ýewropanyň kompaniýalarynyň hyzmatlar merkezleriniň açylmagynyň mümkinçilikleri maslahatlaşyldy. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi sişenbe güni habar berdi. 

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň ýolbaşçysy Ykdysady hyzmatdaşlyk we ösüş guramasynyň, Eksport we maýa goýumlar boýunça Wallon agentliginiň ýolbaşçylary, şeýle hem “Philips” we “Picanol” kompaniýalarynyň wise-prezidentleri bilen duşuşyklary geçirdi.