Gadymy köklerden gaýdýan ruhy ýörelge

19 Mart 2024
665

Ýaşuly nesle hormat goýmak, ykbal kesgitleýji pursatlary olar bilen maslahatly çözmek türki halklarynyň nesilden-nesle geçirip gelýän baş gymmatlyklarynyň biridir. Ýaşuly nesil ýaşlar üçin görelde mekdebi bolup, her bir işde nusgalyk ýol görkezýär. «Eden işi nusgalyk, geplän gepi güwälik» diýilýän dilleri senaly, ýüzleri nurana ýaşuly nesliň wekilleri gadymdan gelýän milli gymmatlyklary ýaşlara geçirmekde, jemgyýetde agzybirligi pugtalandyrmakda uly işleri alyp barýarlar. Hormatly Prezidentimiz ýaşuly nesle uly hormat goýmak bilen, her bir döwletli tutumlara, ähli täze başlangyçlara ýaşulularyň pata bermegi bilen başlaýar. Ine, 11 — 13-nji mart aralygynda Aşgabat şäherinde ýokary derejede geçirilen Türki Döwletleriň Guramasynyň Aksakgallar geňeşiniň 15-nji mejlisi gadymy döwürlerde geçirilen ýaşulularyň geňeşini ýada saldy. Türkmenistan 2021-nji ýyldan bäri Türki Döwletleriň Guramasynda synçynyň derejesine eýedir. Bu Guramanyň maslahat beriji edarasy bolan Aksakgallar geňeşiniň nobatdaky mejlisiniň Aşgabatda geçirilmegi ýurdumyzyň bu gurama bilen köpugurly hyzmatdaşlygy ösdürmekde işjeň orny eýeleýändigini görkezýär.

Türki Döwletleriň Guramasynyň Aksakgallar geňeşiniň 15-nji mejlisi ýokary derejede geçirilip, ol agza döwletler bilen hoşniýetli goňşuçylyk, özara düşünişmek ýörelgelerine esaslanýan köpugurly gatnaşyklary, netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge gönükdirildi. Oňa Türki Döwletleriň Guramasyna agza we synçy ýurtlaryň ýaşululary gatnaşdylar. Bu geňeşiň başlygy Binali Ýyldyrymyň guramanyň Aksakgallar geňeşiniň mejlisiniň ilkinji gezek TDG-de synçynyň derejesine eýe bolan döwletde geçirilýändigini aýratyn bellemegi bu wakanyň taryhy ähmiýetini artdyrýar. Ägirt uly mümkinçilikleriň bolmagy, doganlyk halklaryň raýdaşlygy, birek-biregi goldamak, netijeli köpugurly hyzmatdaşlyk türki döwletlere durnukly ösüşde oňyn netijeleri gazanmaga mümkinçilik berýär. Geňeşiň başlygy bu meselä ünsi çekmek bilen, türki döwletlerdäki abadançylygyň, durnukly ösüşiň köp babatda sebitdäki durnuklylyga ýardam edýändigini nygtap, bu maksatlarda özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek üçin bilelikdäki tagallalary işjeňleşdirmegiň zerurdygyny aýtdy.

Serdar ÖWEZOW,
Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň Ahal welaýaty boýunça müdirliginiň harby gullukçysy, kapitan.