Ýurdumyzdan üstaşyr geçirilýän ýükleriň ösüş depgini ýokarlanýar

18 Mart 2024
412

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň ta­gal­la­la­ry bi­len ýur­du­myz­da üs­ta­şyr ulag ge­çi­ri­ji­li­gi­ni ýo­kar­lan­dyr­mak we hal­ka­ra lo­gis­ti­ka ul­ga­my­ny ös­dür­mek bo­ýun­ça top­lum­la­ýyn iş­ler dur­mu­şa ge­çi­ril­ýär. Türk­me­nis­ta­nyň Döw­let güm­rük gul­lu­gy hem ýur­du­my­zyň güm­rük ser­he­din­den ulag­la­ryň we ýük­le­riň ge­çi­ril­me­gi­ni çalt­lan­dy­rma­ga ýar­dam ber­ýän şert­le­ri dö­ret­mek bo­ýun­ça döw­re­bap iş­ler alyp bar­ýar. Mu­nuň aý­dyň su­but­na­ma­sy­ny döw­le­ti­miz­den üs­ta­şyr ge­çi­ril­ýän ýük­le­riň gün­sa­ýyn ýo­kar­lan­ma­gyn­da hem gör­mek bol­ýar.

Ge­çen 2023-nji ýyl­da Türk­me­nis­ta­nyň çä­gin­den üs­ta­şyr da­şa­lan ýük­le­riň möç­be­ri 17 gö­te­rim art­dy. Üs­ta­şyr ge­çi­ril­ýän ýük­le­riň ösüş dep­gi­ni şu ýy­lyň il­kin­ji 2 aýyn­da ýo­ka­ry gör­ke­zi­jä eýe bol­dy. Has dog­ru­sy, şu ýy­lyň ýan­war-few­ral aý­la­ryn­da Türk­me­nis­ta­nyň çä­gin­den üs­ta­şyr da­şa­lan ýük­le­riň möç­be­ri 2023-nji ýy­lyň de­giş­li döw­ri bi­len de­ňeş­di­ri­len­de, 5 gö­te­rim ýo­kar­lan­dy. Bu gör­ke­zi­ji­ler ýur­du­my­zyň yk­dy­sa­dy kuw­wa­ty­nyň bar­ha ýo­kar­lan­ýan­dy­gy­ny, söw­da-ha­ryt do­la­ny­şy­gy­nyň yzy­gi­der­li art­ýan­dy­gy­ny gör­kez­ýär.

Ke­rim­ber­di GÖK­JÄ­ÝEW,
Türk­me­nis­ta­nyň Döw­let güm­rük gul­lu­gy­nyň Bal­kan we­la­ýat güm­rük­ha­na­sy­nyň har­by gul­luk­çy­sy, ka­pi­tan.