Dostluk festiwaly

15 Mart 2024
348

Türkmen wekiliýeti golaýda Russiýa Federasiýasynyň Soçi şäheriniň «Sirius» federal zolagynda geçirilen Bütindünýä ýaşlar festiwalyna gatnaşdy. Bütindünýä ýaşlar festiwaly bu ugurdaky möhüm forumlaryň biri bolup, oňa dünýäniň ençeme ýurdundan müňlerçe wekil gatnaşýar. Foruma ýurdumyzyň Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinden, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinden, Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutyndan, Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutyndan hem-de Maliýe we ykdysadyýet ministrliginden ýaşlar wekilçilik etdiler.

Türkmen wekiliýeti forumyň çäklerinde 50-den gowrak ylmy, sport we medeni çärelere gatnaşdy. Şeýle hem daşary ýurt wekiliýetleriniň arasynda türkmen halkynyň taryhy, medeniýeti, däp-dessurlary, hormatly Prezidentimiziň hem-de Gahryman Arkadagymyzyň tagallalary bilen Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda amala aşyrylýan beýik işler barada wagyz-nesihat çärelerini gurady. Olaryň dowamynda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» hem-de türkmen halkynyň Milli Lideriniň «Ömrümiň manysy» atly kitaplary, Magtymguly Pyragynyň eserleriniň ýygyndysy «Sirius» bilim merkeziniň kitaphanasyna dabaraly ýagdaýda gowşuryldy. Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň talyby Ilýa Lurýewiň Bütindünýä ýaşlar orkestrine goşulyp, öz deň-duşlary bilen saz çalmagy aýratyn ýatda galyjy ýakymly pursatlaryň biri boldy. Türkmenistanly wekiliýetiň bu halkara festiwala gatnaşmagy ýaşlaryň özara tejribe alyşmaklary, bilim hem-de hünär taýdan kämilleşmekleri üçin täze mümkinçilikleri açdy.

(Ýörite habarçymyz).