Halkara hyzmatdaşlygyň täze tapgyry

6 Mart 2024
431

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly halklaryň özara dost-doganlygynyň berkeýän ýylyna öwrülýär. Şanly ýylyň bahar paslynyň ilkinji günlerinde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Türkiýe Respublikasyna amala aşyran iş sapary çuňňur many-mazmuna eýe boldy. Gahryman Arkadagymyzyň Türkiýe Respublikasynda geçirilen üçünji Antalýa diplomatiýa forumyna gatnaşyp, taryhy çykyş etmegi möhüm ähmiýetli jemgyýetçilik-syýasy waka öwrüldi.

Milli Liderimiziň bu ýerde Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan bilen geçiren duşuşygy netijeli häsiýete eýe boldy. Bilşimiz ýaly, Türkmenistan Türkiýe Respublikasy bilen hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny barha işjeňleşdirýär. Munuň şeýledigini geçirilen gepleşikleriň dowamynda ikitaraplaýyn söwda dolanyşygynyň häzirki wagtda 2,5 milliard amerikan dollaryndan gowrak bolup, geljekde bu görkezijini 5 milliard amerikan dollaryna çenli ýetirmäge mümkinçiligiň bardygy barada aýdylanlar hem tassyklaýar. Bu hem dünýä ykdysadyýetiniň çalt depginler bilen ösýän döwründe işjeň gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň möhüm ähmiýete eýedigini görkezýär. 

«Daşoguz habarlary».