Hyzmatdaşlyk köprüleri — täze ösüşleriň şerti

5 Mart 2024
450

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň 1-2-nji martda üçünji Antalýa diplomatiýa forumyna gatnaşmak maksady bilen, Türkiýe Respublikasyna amala aşyran iş sapary köptaraply hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny nazarlamakda möhüm waka boldy. Bu sapar strategik häsiýetli türkmen-türk hyzmatdaşlygynyň hil taýdan täze derejä çykarylmagyna kuwwatly itergi berdi. Iş saparyň çäklerinde Gahryman Arkadagymyzy Türkiýäniň Baştutany Rejep Taýyp Ärdoganyň mähirli mübäreklemegi, döwletara gatnaşyklaryň ýylsaýyn täze mazmuna eýe bolýandygyny aýdyň subut etdi.

Hormatly Prezidentimiziň 26-njy fewralda gol çeken Permany bilen, iki döwletiň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary berkitmekde, iki doganlyk halkyň agzybirligini, jebisligini pugtalandyrmakda bitiren aýratyn hyzmatlary üçin, dürli ugurlardaky hyzmatdaşlygy giňeltmäge goşan uly şahsy goşandy üçin Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogana Türkmenistanyň «Hormatly il ýaşulusy» diýen adynyň dakylmagy özara gatnaşyklaryň belent derejesiniň bir görkezijisidir. Milli Liderimiziň türk Liderini bu hormatly at hem-de 70 ýaş ýubileýi bilen gutlap, türkmen milli içmegini sowgat bermegi mizemez türkmen-türk dostlugynyň nyşanyna öwrüldi. Nar gabygyndan taýýarlanylan tebigy boýag bilen boýalýan, ýokary hilli deriden taýýarlanyp, nagyşlar bilen bezelýän sary içmek il içinde uly abraýdan peýdalanýan adamlara aýratyn hormatyň nyşany hökmünde gowşurylýandygy aýratyn bellärliklidir. Duşuşykda iki ýurduň köpugurly hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak bilen, «Bir millet — iki döwlet» ýörelgesinden ugur alynýandygy, bu ugruň ikitaraplaýyn hem köptaraplaýyn esasdaky netijeli gatnaşyklarda berk binýat bolup durýandygy nygtaldy. Munuň aýdyň görkezijileriniň biri bolsa, Gahryman Arkadagymyzyň hem Türkiýe Respublikasynyň Prezidentiniň gatnaşmagyndaky ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek dabarasydyr.

Oguljemal NURMYRADOWA,
«Ahal durmuşy».