Halkara demir ýol hyzmatdaşlygy pugtalandyrylýar

5 Mart 2024
471

Gazagystanyň demir ýol gatnawlaryny utgaşdyrýän «Gazagystan demir ýoly», Hytaýyň «Xi’an Free Trade Port Construction and Operation Co., LTD (PRC)» kompaniýasy hem-de Russiýanyň «Slawtrans-Serwis» paýdarlar jemgyýeti hyzmatdaşlyk hakynda üç taraplaýyn ähtnama baglaşdy.   

«Gazagystan demir ýoly» tarapyndan habar berlişi ýaly, taraplar rus-hytaý-gazak eksport söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ösdürmek we çuňlaşdyrmak maksady bilen, Selýatinodaky ulag-logistika merkezinde täze ulag we ammar binýadyny döretmek üçin bilelikdäki maýa goýumlaryň mümkinçiliklerine seredýärler.