Beýik ynsanperwerlige ýokary baha

27 Fewral 2024
530

Bagtyýarlyk, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň yzygiderli ýokarlandyrylmagy ajaýyp döwrümiziň ýapan iň uly serpaýlarynyň hatarynda. Eşretli zamanamyzyň Gahryman Arkadagymyzyň haýyr-sogaply işlerine beslenmegi onuň gadyr-gymmatyny has-da artdyrýar.

Mundan üç ýyl ozal türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen döredilen Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy tarapyndan alnyp barylýan işler bireýýäm ýürekleriň ykraryna eýe boldy. Bu ynsanperwerlik gaznasynyň işleriniň dünýäniň abraýly guramalary tarapyndan hem ykrar edilip, halkara derejeli sertifikatlaryň berilmegi Türkmenistanyň bu babatda hem dünýä nusgalyk döwletleriň birine öwrülýändigine şaýatlyk edýär. BMG-niň Çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF) Türkmenistandaky wekilhanasy tarapyndan bu gaznanyň hemaýata mätäç çagalaryň saglygyny dikeltmäge lukmançylyk hyzmatlaryny bermäge we olaryň ýagty geljege bolan umytlaryny berkitmäge goşan goşandy üçin degişli sertifikat bilen sylaglanylandygy baradaky hoş habary ählimiz uly şatlyk bilen kabul etdik. Munuň özi gaznanyň işine berlen ýokary bahalaryň biridir.

Aziz SEÝIDOW,
Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň ýanyndaky Gozgalmaýan emläge bolan hukuklaryň we onuň bilen bagly geleşikleriň döwlet tarapyndan bellige alynmagy baradaky gullugyň welaýat müdirliginiň Saýat etrap, şäher bölüminiň döwlet bellige alyjysy.