«7/24. tm» № 09 (196), 26.02.2024
Hormatly Prezidentimiziň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly kitabynda ýurdumyzda ýaş nesiller, şol sanda çagalar hakynda edilýän taýsyz tagallalar giňden açylyp görkezilýär. Milli Liderimiziň beýik başlangyçlary, hormatly Prezidentimiziň üns-aladalary netijesinde, ýurdumyzda çagalaryň sazlaşykly ösüşini üpjün etmek, saglygyny goramak we berkitmek, mümkinçiligi çäkli çagalara sagaldyş-dikeldiş kömeginiň ýokary derejeli hyzmatyny ýola goýmak arkaly, olaryň sagdyn jemgyýete goşulmagyny gazanmak ugrunda belent ynsanperwer işler durmuşa geçirilýär.
Sebitde deňi-taýy bolmadyk Arkadag şäherinde gurlup ulanmaga berlen Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezi, Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy boýunça döredilen Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy, onuň serişdeleriniň hasabyna alnyp barylýan belent ynsanperwer işler hem munuň aýdyň mysallarydyr. Arkadag şäherinde açylan Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkezi, köpugurly hassahana, Onkologiýa merkezi, «Tiz kömek» merkezi, Arkadag şäher saglyk öýi ýaly saglygy goraýyş maksatly binalar, bu ugurda kämil hünärmenleri taýýarlamak maksady bilen gurlan Saçly Dursunowa adyndaky Arkadag şäher lukmançylyk orta hünär okuw mekdebinde döwletimiziň adamlaryň jan saglygyny ähli zatdan ileri tutýandygynyň aýdyň güwäsidir.