BMG-niň Ženewadaky edarasynyň ýanyndaky Türkmenistanyň Hemişelik wekilhanasy ulag boýunça çäre geçirdi

24 Fewral 2024
334

BMG-niň Ženewadaky edarasynyň ýanyndaky Türkmenistanyň Hemişelik wekilhanasynyň başlangyjy bilen, BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň (BMG ÝYK) Içerki ulag komitetiniň 86-njy mejlisiniň çäklerinde, BMG ÝYK bilen bilelikde “Durnukly ulag ulgamyna tarap: öňdebaryjy tejribeler, ýüze çykýan päsgelçilikler we olaryň çözgütleri” atly ugurdaş çäresi guraldy.

Bu çärä ýerli diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary hem-de 40-dan gowrak ýurtdan we halkara guramalardan 70-e golaý wekiller we halkara bilermenler gatnaşdylar. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi habar berýär.