Türkmenistan — Birleşen Arap Emirlikleri: dostlukly gatnaşyklar işjeň ösdürilýär

23 Fewral 2024
360

Ýurdumyz bilen Birleşen Arap Emirlikleriniň arasyndaky netijeli döwletara gatnaşyklar däp bolan dostluk, birek-birege hormat goýmak ýörelgeleri esasynda okgunly ösdürilýär. Munuň şeýledigini 21-nji fewralda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň, şeýle hem paýtagtymyzyň Halkara howa menzilinde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Birleşen Arap Emirlikleriniň wise-prezidenti, Premýer-ministriniň orunbasary, Prezidentiň iş dolandyryş ministri Şeýh Mansur bin Zaýed Al Nahaýýan bilen bolan duşuşyklary aýdyňlygy bilen tassyklaýar.

Şeýh Mansur bin Zaýed Al Nahaýýanyň nygtaýşy ýaly, özüni ygtybarly we jogapkärli hyzmatdaş hökmünde görkezen doganlyk Türkmenistan bilen netijeli gatnaşyklaryň ösdürilmegine BAE-de aýratyn ähmiýet berilýär. Şunuň bilen baglylykda, ýurtlarymyzyň köpýyllyk hyzmatdaşlyk tejribesiniň hem-de uly mümkinçilikleriniň bardygyna üns çekildi. Munuň özara bähbitli gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek we diwersifikasiýalaşdyrmak, täze anyk mazmun bilen baýlaşdyrmak üçin berk binýat bolup durýar.

"Nesil".