Aşgabatdan täze howa gatnawlary

22 Fewral 2024
435

Türkmenistandan Malaýziýa we Saud Arabystany Patyşalygyna täze howa gatnaw ugurlary açyldy. 15-16-njy fewralda, degişlilikde, Aşgabat — Kuala-Lumpur hem-de Aşgabat — Jidda ugurlary boýunça eýýäm ilkinji uçuşlar amala aşyryldy. Aşgabatdan bu şäherlere uçuşlar hepdede iki gezek amala aşyrylýar.

15-nji fewralda «Türkmenistan» awiakompaniýasynyň Malaýziýanyň Kuala-Lumpur şäherine ilkinji uçuşy amala aşyran ýolagçy uçary bu ýurtda dabaraly garşylandy. Howa gämisinde baran ýolagçylary Türkmenistanyň Malaýziýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi M.Maşalow, şeýle-de bu ýurduň syýahatçylyk, sungat we medeniýet ministri mähirli garşyladylar. Aziýanyň ösen ýurtlarynyň biri bolan Malaýziýanyň Kuala-Lumpur şäheriniň Halkara howa menzilinde Aşgabatdan täze ugur boýunça ýolagçy uçarynyň gelip gonmagy mynasybetli guralan dabara iki dostlukly döwletiň arasyndaky netijeli gatnaşyklaryň köpugurly esasda ösdürilýändiginiň aýdyň nyşanyna öwrüldi. Şeýle-de munuň özi iki ýurtda hem işjeň hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň ösdürilmegine aýratyn ähmiýet berilýändiginiň nobatdaky güwäsi boldy.