Türkmenistan — Malaýziýa: dostlukly gatnaşyklaryň täze sahypasy

18 Fewral 2024
517

Ýakyn we alysdaky ýurtlar bilen dost-doganlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmak, köpugurly hyzmatdaşlygy ösdürmek hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda alnyp barylýan döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Türkmenistan bilen uzak ýyllaryň dowamynda hyzmatdaşlygy barha ösdürýän ýurtlaryň biri-de Malaýziýa döwletidir.

15-nji fewralda Aşgabatdan dostlukly ýurduň paýtagty Kuala-Lumpur şäherine göni howa gatnawynyň ýola goýulmagy syýahatçylyk babatynda hem täze mümkinçiliklere ýol açýar.

Çary ÇARYÝEW,
Türkmen döwlet medeniýet institutynyň telewideniýe žurnalistikasy hünäriniň talyby, «Biznes reklama».