Owganystan Türkmenistan bilen köpugurly hyzmatdaşlygyň giňeldilmegini goldaýar

17 Fewral 2024
375

Owganystan Türkmenistan bilen söwda gatnaşyklarynyň giňeldilmegini goldaýar diýip, ýurduň hökümetiniň metbugat sekretary Zabihulla Mujahid belledi. Bu barada Owganystanyň “TOLOnews” agentligi çarşenbe güni habar berdi.

Zabihulla Mujahidiň aýtmagyna görä, Owganystana sapar bilen baran türkmen wekiliýeti ýurduň maliýe, söwda we ulag pudaklarynyň wekilleri bilen gepleşikleri geçirdi.