Türkmenistan daşary ýurtlar bilen ulag-aragatnaşyk hyzmatdaşlygyny pugtalandyrýar

17 Fewral 2024
479

Türkmenistan halkara ulag we aragatnaşyk ulgamyndaky ornuny barha berkitmek bilen Ýewraziýanyň esasy logistika merkezine öwrülmegi maksat edinýär. Ýurtda ulag infrastrukturasyny döwrebaplaşdyrmak we häzirki zaman enjamlar bilen üpjün etmek babatda uly işler alyp barýar.

CentralAsia.news-yň habar berşi ýaly, soňky ýyllarda Türkmenistanda howa, deňiz we gury ýer ulaglarynyň maddy we tehniki binýady yzygiderli gowulandyrylýar. Täze desgalar gurulýar we howa menzilleriniň we deňiz portlarynyň mümkinçilikleri ýokarlandyrylýar.