Türkmen — emirlikler gatnaşyklary ösdürilýär

16 Fewral 2024
472

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Arkadag şäherine emeli aň, geljegiň ykdysadyýeti, bilim, şäherleşme, saglygy goraýyş boýunça täzeçil çemeleşmeleri ornaşdyrmak babatda özara tejribe alyşmak, şeýle hem halkara hyzmatdaşlygyň meselelerini maslahatlaşmak maksady bilen, ýurdumyzyň wekiliýeti 11 — 14-nji fewral aralygynda Birleşen Arap Emirliklerinde iş saparynda boldy.

Wekiliýetiň Abu-Dabi we Dubaý şäherlerinde bolmagynyň çäklerinde birnäçe duşuşyklar, gepleşikler geçirildi. Geçen ýylda dabaraly açylan Arkadag şäherini mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrmak meseleleri duşuşyklaryň esasy mazmunyny düzdi.

«Watan».