Türkmenistan — BAE: ikitaraplaýyn tagallalar pugtalandyrylýar

16 Fewral 2024
387

Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiziň tabşyrygy boýunça Arkadag şäherine emeli aň, geljegiň ykdysadyýeti, bilim, şäherleşme, saglygy goraýyş boýunça täzeçil çemeleşmeleri ornaşdyrmak babatda özara tejribe alyşmak, şeýle hem halkara hyzmatdaşlygyň meselelerini maslahatlaşmak maksady bilen, ýurdumyzyň wekiliýeti 11 — 14-nji fewral aralygynda Birleşen Arap Emirliklerinde iş saparynda boldy.

Wekiliýetiň Abu-Dabi we Dubaý şäherlerinde bolmagynyň çäklerinde birnäçe duşuşyklar, gepleşikler geçirildi. Olaryň barşynda yzygiderli, özara ynanyşmak häsiýetine eýe bolan ýokary derejedäki syýasy dialogyň ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ähli ugurlarynda okgunly ösdürilýändigi bellenildi. Hyzmatdaşlygyň ugurlaryny giňeltmekde bu saparyň ähmiýetine aýratyn üns çekildi. Şeýle hem ýurtlaryň durmuş-ykdysady ösüşiniň ileri tutulýan ugurlaryna we milli bähbitlerine doly laýyk gelýän netijeli gatnaşyklary hil taýdan täze derejä çykarmaga bolan meýiller tassyklanyldy. Şonuň ýaly-da, däp bolan türkmen-emirlikler hyzmatdaşlygynyň täze mazmun bilen üstüniň ýetirilip, geljekde özara bähbitlilik, uzak möhletleýinlik esasynda pugtalandyryljakdygyna ynam bildirildi.

"Nesil".