Bitaraplyk ýörelgeleri işjeň ilerledilýär

16 Fewral 2024
310

15-nji fewralda Türkmenistanyň Mejlisinde utgaşykly görnüşde Bitaraplygyň dostlary toparyna agza ýurtlaryň parlament ýolbaşçylarynyň «Parahatçylygy we dialogy berkitmekde parlament hyzmatdaşlygynyň orny» atly birinji duşuşygy geçirildi.

Ýurdumyzyň başlangyjy boýunça Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Kararnamasyna laýyklykda, 2023-nji ýylyň «Parahatçylygyň kepili hökmünde dialogyň halkara ýyly» şygary astynda geçmegi aýratyn ähmiýete eýedir. Şunuň bilen baglylykda, çykyş edenler parlament diplomatiýasynyň esasy aýratynlygynyň we güýjüniň, ilkinji nobatda, raýatlaryň gönüden-göni saýlan wekilleri bilen parlamentarileriň arasynda dialog üçin mümkinçilikleri döretmeginde jemlenýändigini aýtdylar.

"Nesil".