Türkmen Bitaraplygy: parlament diplomatiýasyny ilerledip

16 Fewral 2024
413

Düýn Türkmenistanyň Mejlisinde utgaşykly görnüşde geçirilen Bitaraplygyň dostlary toparyna agza ýurtlaryň parlament ýolbaşçylarynyň «Parahatçylygy we dialogy berkitmekde parlament hyzmatdaşlygynyň orny» atly birinji duşuşygy halkara gatnaşyklarda kanun çykaryjy edaralaryň mümkinçiliklerini ählumumy meseleleri çözmäge gönükdirmäge bagyşlandy. BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ýolbaşçysyny, abraýly halkara düzümiň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysyny, Parlamentara Birleşigiň Baş sekretaryny, Türkmenistanyň, Russiýa Federasiýasynyň, Gazagystan, Özbegistan, Gyrgyz, Belarus, Gana Respublikalarynyň, Hytaý Halk Respublikasynyň, Marokko Patyşalygynyň, Katar Döwletiniň, Şri-Lanka Demokratik Respublikasynyň parlamentleriniň ýolbaşçylaryny bir meýdança jemlän halkara çäre netijeliligi bilen tapawutlandy. Biz hem foruma gatnaşyjylaryň käbirleriniň pikir-garaýyşlaryny okyjylara ýetirmegi makul bildik.

Kaha IMNADZE,
BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ýolbaşçysy:

«TÜRKMENISTAN»