Halkara giňişlikde

15 Fewral 2024
422

Türkmenistana gyzyklanma artýar

Golaýda Türkmenistanyň Belgiýa Patyşalygyndaky ilçihanasy tarapyndan guralan brifing Ýewropa Bileleşiginiň we beýleki ýurtlaryň iri köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekillerini ýurdumyzyň içeri hem daşary syýasatynyň esasy ugurlary, geçen 2023-nji ýylda alnyp barlan işler, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda göz öňünde tutulýan çäreler bilen ýakyndan tanyşdyrmaga mümkinçilik berdi. Oňa «EU Reporter», «EU Today», «Buscardini Communications», «Diplomatic World», «KazInform», «Sekai Magazine» ýaly meşhur media düzümleriniň ýolbaşçylarynyň, Belgiýanyň, ÝB-niň diplomatik, akademik we ylmy jemgyýetçiliginiň, Ýewropa parlamentiniň wekilleriniň gatnaşmaklary türkmen döwletiniň syýasy, medeni durmuşyna uly gyzyklanma bildirilýändiginiň nyşanydyr.

Taýýarlan Aýgül RAHYMOWA.
«Türkmenistan».