Russiýa Türkmenbaşy halkara deňiz porty arkaly Gyrgyzystana uzaýan ulag geçelgesini ösdürer

9 Fewral 2024
332

Russiýa Demirgazyk ― Günorta halkara ulag geçelgesi bilen baglannyşýan iki sany geljegi uly ulag geçelgesini ösdürmek işlerine gatnaşmagy meýilleşdirýär. Bu barada Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň ulag boýunça işewürlik dialogynyň ikinji mejlisinde «GDA-nyň ykdysady ösüşi boýunça işewürlik merkezi» birleşiginiň baş direktory Wadim Ganin belledi.

Göz öňünde tutulýan iki ulag geçelgesiniň biri Russiýa ― Hazar deňzi ― Türkmenistan ― Özbegistan ― Gyrgyzystan multimodal geçelgesini döretmegi ugur edinýär. Bu ulag geçelgesi başgaça «Günorta ulag geçelgesi» diýlip hem atlandyrylýar.