«Açyk gapylar» syýasatyna eýerip

8 Fewral 2024
407

Ýakynda Hytaý Halk Respublikasynyň Halk wekilleriniň Ählihytaý ýygnagynyň hemişelik komitetiniň Başlygynyň orunbasary Hao Minsziniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Türkmenistanda iş saparynda boldy.

Saparyň çäginde Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowa bilen geçirilen duşuşykda Hao Minszin däp bolan gatnaşyklaryň netijeli häsiýete eýedigini kanagatlanma bilen belläp, parlamentara hyzmatdaşlygyň bu ugurda okgunly ösüşi gazanmaga itergi berýändigini nygtady. Bellenilişi ýaly, bilelikdäki tagallalary utgaşdyrmakda Türkmen-hytaý hökümetara komitetine möhüm orun degişlidir. Strategik we uzak möhletleýin häsiýete eýe bolan ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň dürli derejelerde netijeli ösdürilýändigi nygtaldy. Şunuň bilen birlikde, parlamentara we partiýalaryň arasyndaky gatnaşyklar işjeňleşdirilýär.