"Balkan" gämi gurluşyk Günorta Koreýanyň kompaniýasy bilen gämi gurup başlar

8 Fewral 2024
360

“Balkan” gämi gurluşyk we abatlaýyş zawodynyň ýolbaşçylary bilen Günorta Koreýanyň “Koryo Shipbuilding Industry Technology Co., Ltd.» kompaniýasynyň wekilleriniň arasynda geçirilen duşuşyk, 2024-nji ýylyň 29-njy ýanwary, Balkan welaýaty, Türkmenistan.

“Balkan” gämi gurluşyk we abatlaýyş zawody” paýdarlar jemgyýetiniň ýolbaşçylary Günorta Koreýanyň “Koryo Shipbuilding Industry Technology Co., Ltd.» kompaniýasynyň wekilleri bilen 2024-nji ýylyň 29-njy ýanwarynda duşuşyk geçirdiler. Duşuşygyň barşynda taraplar bilelikde gurulmagy meýilleşdirilýän gämiler boýunça oňyn netijeleri gazanjakdyklary we ýakyn wagtda gämi gurluşyk işleriniň başlanjakdygy barada aýtdylar.