Halkara hyzmatdaşlyk pugtalanýar

7 Fewral 2024
468

Ata Watanymyz Türkmenistan halkara giňişliginde birnäçe abraýly halkara guramalar bilen hyzmatdaşlygy saklaýar, esasanam, Birleşen Milletler Guramasynyň düzümine degişli bolan ÝUNESKO bilen gatnaşyk yzygiderli giňeldilýär. Ýakynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygyna laýyklykda, ÝUNESKO-nyň işleri baradaky Türkmenistanyň milli toparynyň mejlisi geçirilip, onda geçen ýylda alyp baran işleriniň jemleri, şeýle hem 2024-nji ýylyň meýilnamasynda bellenilen wezipeler baradaky maglumatlar diňlenildi. Mejlisiň dowamynda BMG-niň bu ýöriteleşdirilen edarasynyň çäklerindäki hyzmatdaşlyk meseleleriniň giň toplumy ara alnyp maslahatlaşyldy. 2024-2025-nji ýyllarda hyzmatdaşlygyň meýilnamasy, hususan-da, milli gymmatlyklarymyzy Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň abraýly sanawyna girizmek boýunça ýurdumyzyň öňe sürýän teklipleri bilen baglanyşykly wezipeler kesgitlenildi.

Türkmenistan bilen ÝUNESKO-nyň geçen ýyllardaky hyzmatdaşlygynyň dowamynda ýurdumyzda bu guramanyň maksatlaryny durmuşa geçirmekde, şeýle hem medeni, bilim we ylym kuwwatyny artdyrmakda uly üstünlikleriň gazanylýandygyny bellemek bolar. Munuň özi, aýratyn-da, Türkmenistanyň maddy we maddy däl medeni mirasynyň halkara derejede ykrar edilýändigini görkezýär. Şeýle-de geçen ýylyň noýabr aýynda Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilen ÝUNESKO-nyň Maglumat tehnologiýalary institutynyň arasynda 2024-2025-nji ýyllarda hyzmatdaşlyk etmegiň «Ýol kartasyna» gol çekilmegi, şeýle hem Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň 2024-2025-nji ýyllarda bu gurama bilen bilelikde bellenip geçiljek şanly seneleriň sanawyna goşulmagyny bellemek bolar. Şunuň bilen baglylykda, ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň mejlisiniň dowamynda 2024-nji ýylyň «Türki dünýäniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly» diýlip yglan edilmegi bilen baglylykda, söz ussadynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan dabaraly çäreleri geçirmek baradaky meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Sözümizi jemläp aýtsak, ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň nobatdaky mejlisiniň dowamynda bu guramanyň iri düzüm birliklerinde ýurdumyzyň ornuny pugtalandyrmak, halkara ylmy gatnaşyklary giňeltmek, sanly taslamalarda hem-de maglumatlary alyşmakda hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri ýaly möhüm wezipelere garaldy.

Muhammetmyrat Bäşgulyýew,
TMÝG-niň Aşgabat şäher geňeşiniň başlygynyň wezipesini ýerine ýetiriji.