Ynsanperwer gatnaşyklar rowaçlanýar

7 Fewral 2024
546

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň asyrlar aşyp gelýän ynsanperwer ýörelgeleri rowaçlanyp, hoşniýetli gatnaşyklarda, özara bähbitli hyzmatdaşlykda öz beýanyny tapýar. Bu asylly ýörelgeler ýurdumyzyň ýöredýän döwlet syýasatynda hem mynasyp orun tutýar. Döwletimiziň bitaraplygy dünýä halklary bilen dostlukly we ysnyşykly gatnaşyklary ösdürmek baradaky ýörelgeden ugur alýar. Muny türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň asylly başlangyçlaryny mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda döwletimiziň häzirki döwürde dünýä derejesinde alyp barýan ynsanperwer işleri hem subut edýär. Bu işleriň dünýäde parahatçylygyň, asudalygyň üpjün edilmeginiň, ýurtlaryň durnukly ösüşiniň, halklaryň abadan ýaşaýşynyň hatyrasyna gönükdirilmegi olaryň ähmiýetini has-da artdyrýar. Türkmen halkynyň gadymdan gelýän hoşniýetli gatnaşyklaryndan we ynsanperwer däp-dessurlaryndan ugur alyp hem-de Gyrgyz Respublikasynyň energetika ulgamynda ýüze çykan ýagdaýlary nazara alyp, hormatly Prezidentimiziň gol çeken Buýrugyna laýyklykda, türkmen halkynyň adyndan gyrgyz halkyna ynsanperwerlik kömegini ibermek maksady bilen, 2000 tonna möçberdäki suwuklandyrylan gazyň doganlyk ýurda iberilmegi asyrlaryň jümmüşinden gelýän asylly ýörelgelerimiziň, ajaýyp däp-dessurlarymyzyň täze taryhy döwürde barha dabaralanýandygyny ýene bir gezek görkezdi. Goňşy halklar bilen hoşniýetli gatnaşyklary ösdürmek, olara dostluk kömegini bermek we goldamak baradaky asylly başlangyçlar däp bolan netijeli hyzmatdaşlygy täze derejä çykarýar hem-de ýurdumyzyň ynsanperwer gatnaşyklara işjeň eýerýändigini dünýä ýaýýar. 

«Balkan».