Ykdysadyýet: Hindistanyň ümzügi öňe

4 Fewral 2024
323

Hindistanyň jemi içerki önümi 2027-nji ýyla çenli nominal hasabynda 5 trillion dollar bolar. Bu görkezijä görä, ýurt Ýaponiýadan we Germaniýadan ozduryp, dünýäde üçünji orny eýelär diýip, Hindistanyň Maliýe ministrligi çaklaýar.

Häzirki wagtda Hindistan 3,7 trillion dollara ýetýän jemi içerki önümi bilen dünýäde bäşinji orunda durýar. Ýurt ABŞ-dan, Hytaýdan, Ýaponiýadan we Germaniýadan soň bäşinji ýerdedir.