Russiýa Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň üstünden Owganystana we Eýrana däne eksport etmäge gyzyklanma bildirýär

3 Fewral 2024
477

Russiýa Federasiýasynyň «Rossiýskiýe železnyýe dorogi» (RŽD) açyk paýdarlar jemgyýetiniň wekilleri Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň mümkinçilikleri we kuwwatlylygy bilen tanyşmak maksady bilen iş saparyny amala aşyrdylar. Myhmanlar deňiz portunyň Umumy ýükler, Ürgün ýükler, Konteýner we Ýolagçy-parom terminallaryň mümkinçilikleri, ýerine ýetirýän hyzmatlary, tehnikalary bilen ýakyndan tanyşdylar. Bu barada «Türkmendeňizderýaýollary» agentliginiň resmi saýtynda habar berildi.

31-nji ýanwarda bolan saparyň dowamynda Russiýa Federasiýasynyň RŽD paýdarlar jemgyýetiniň wekilleri bilen Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň, «Demirýollary» AGPJ-niň we «Türkmenistanyň ulag-logistika merkezi» PJ-niň wekilleriniň arasynda iş duşuşygy geçirildi. Habarda bellenilişi ýaly, duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň ulag pudagyndaky üstaşyr mümkinçilikleri, daşary ýurt müşderiler üçin döredilýän ýeňillikler barada bellenip geçildi.