Türkmenistan ÝUNESKO bilen hyzmatdaşlygyny ösdürýär

2 Fewral 2024
687

Türkmenistanyň halkara guramalar bilen gatnaşyklary giňeltmegi umumy medeni giňişligi döretmegiň, medeniýetleriň arasyndaky gatnaşyklary ösdürmegiň bitewi ulgamynyň möhüm bölegidir. Ol ykdysady we syýasy hyzmatdaşlyk bilen birlikde medeni hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga, eziz Watanymyzyň halkara giňişligindäki şan-şöhratyny has-da ýokarlandyrmaga amatly şertleri döredýär. BMG-niň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasy (ÝUNESKO) bilen hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi ýurdumyzda häzirki döwürde alnyp barylýan daşary syýasat strategiýasynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Häzirki wagtda bu ugurda alnyp barylýan işler ýurdumyzyň medeni diplomatiýasynda öňe sürülýän başlangyçlaryň bu ýöriteleşdirilen düzümiň maksatdyr wezipeleri bilen sazlaşykly utgaşýandygyna güwä geçýär.

Türkmenistan ÝUNESKO-nyň agzalygyna 1993-nji ýylyň 17-nji awgustynda kabul edildi. Ýurdumyz ÝUNESKO-nyň doly hukukly agzasy hökmünde halkymyzyň medeni we ruhy mirasyny gorap saklamakda, ösdürmekde hem-de dünýäde giňden wagyz etmekde uly işleri durmuşa geçirýär.

Çemen ANNABERDIÝEWA,
«Watan».