Gimnastikaçylar döwlet ýaryşyna taýýarlyk görýärler

31 Ýanwar 2024
332

Türkmenabat şäherindäki 5-nji sport mekdebinde sport gimnastikasy boýunça ezber türgenleriň onlarçasyna tälim berilýär. Ýakynda mekdebimizde sportuň şu görnüşi boýunça Türkmenabat şäheriniň açyk birinjiligi geçirildi.

Ol türgenleriň öz tälimçileriniň ýolbaşçylygynda jogapkärçilikli ýaryşa taýýarlyk bilen gelendiklerini görkezdi. Dürli ýaş derejelerinde M.Nurmämmedow, A.Saparow, A.Jumaýew, F.Akmyradow, O.Kadyrow, D.Iganow, M.Akmyradow, A.Nowruzowa, L.Palsewa, A.Rozyýewa ýaly türgenlerimiz beýlekilerden has tapawutlandylar.

Mähri JUMAKULYÝEWA,
Türkmenabat şäherindäki 5-nji sport mekdebiniň usulyýetçisi.