Türkmen-german hyzmatdaşlygy işjeňleşdirilýär

29 Ýanwar 2024
344

27-nji ýanwarda türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň GFR-iň «Goetzpartners Emerging Markets GmbH» maslahat beriş kompaniýasynyň dolandyryjy direktory Wladimir Matias we bu kompaniýanyň uly geňeşçisi Hans Gerd Prödel bilen duşuşygy boldy. Onuň dowamynda ikitaraplaýyn gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmegiň meselelerine garaldy.

Germaniýa ýurdumyzyň esasy işewür hyzmatdaşlarynyň hatarynda möhüm orun eýeleýär. Häzirki döwürde iri german işewür düzümleri bilen ýola goýlan netijeli gatnaşyklar Germaniýa tarapyndan ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmaga uly gyzyklanma bildirilýändigini aňladýar. Ýurdumyzyň durmuşynda möhüm ähmiýeti bolan birnäçe bilelikdäki düzümleýin taslamalaryň üstünlikli amala aşyrylmagy munuň aýdyň beýanydyr.

Çeşme: www.tdh.gov.tm