2023: Türkmenistan bilen Hytaýyň arasyndaky söwda dolanyşygy 10,59 milliard amerikan dollaryndan geçdi

29 Ýanwar 2024
416

Türkmenistan bilen Hytaýyň arasyndaky özara söwda dolanyşygy 2023-nji ýylda 10 milliard 590 million amerikan dollaryndan geçdi. Bu barada Hytaýyň gümrük gullugyna salgylanyp, www.business.com.tm websaýty habar berdi.

Diňe 2023-nji ýylyň dekabr aýynda Türkmenistan bilen Hytaýyň arasyndaky söwda dolanyşygy 863 million 112 müň amerikan dollaryndan gowrak boldy.

Taýýarlan: Merjen AŞYROWA, Döwletmämmet Azady adyndaky TMDDI-niň talyby.