Ýaponiýanyň NEXI agentligi Türkmenistanda taslamalary maliýeleşdirmäge gatnaşmaga taýýar

29 Ýanwar 2024
412

Ýaponiýa amala aşyrylan iş saparynyň dowamynda, 22-23-nji ýanwarda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti Eksport we maýa goýum ätiýaçlandyryş guramasynyň (NEXI) ýerine ýetiriji diektory hem-de başlygy Asuo Kuroda bilen duşuşyk geçirdi.

NEXI guramasynyň wekilleri bilen geçirilen gepleşikleriň barşynda maýa goýum ulgamynda hyzmatdaşlygyň täze ugurlary, hususan-da, Türkmenistanda ähmiýeti uly bolan taslamalaryň maliýeleşdirilmegine dürli maýa goýum guramalarynyň çekilmeginiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Taýýarlan: Orazmyrat AKYŞOW,
Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň diňleýjisi.