Halkara giňişlikde

20 Ýanwar 2024
560

Hyzmatdaşlyk meseleleri maslahatlaşyldy

Golaýda Türkmenistanyň Ermenistan Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi M.Aýazowyň Ermenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary M.Safarýan bilen geçiren duşuşygynda ikitaraplaýyn gün tertibiniň, hususan-da, söwda-ykdysady, ulag-aragatnaşyk, ylym-bilim, medeni-ynsanperwer ugurlardaky hyzmatdaşlygyň meseleleri, şertnama-hukuk binýadynyň ýagdaýy ara alnyp maslahatlaşyldy. Şunda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-ermeni hökümetara toparynyň nobatdaky mejlisini geçirmek bilen bagly meselä aýratyn üns çekildi.

Taýýarlan Aýgül RAHYMOWA.
«Türkmenistan».