Sagdyn jemgyýetiň özeni

19 Ýanwar 2024
586

Türkmen halkynda «Il saglygy — ýurt baýlygy» diýen ajaýyp pähim bar. Şu pähimden görnüşi ýaly, halkymyz il-günüň saglygyna hemişe iň uly baýlyk, bahasyny hiç bir zat bilen ölçäp bolmajak gymmatlyk hökmünde garap gelipdir we sagdyn durmuş ýörelgesini ýaşaýşynyň aýrylmaz bölegine öwrüpdir. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bu ýörelge baý many-mazmuna eýe bolup, oňa döwlet derejesinde uly ähmiýet berilýär. Halkyň saglygyny gorap saklamakdaky esasy serişdeleriň bolsa sagdyn durmuş ýörelgesiniň kadalaryny berjaý etmekdigine, köpçülikleýin bedenterbiýäni we sport hereketini ýaýbaňlandyrmakdygyna ajaýyp zamanamyzda durmuşa geçirilýän beýik işleriň mysalynda hem göz ýetirmek bolýar.

«Bedenterbiýe we sport jemgyýetiň sagdynlygyny üpjün edýän gymmatlykdyr. Şoňa görä-de, bu ulgamy ösdürmek, ussat türgenleri taýýarlamak ugrunda toplumlaýyn özgertmeler amala aşyrylýar. Türkmenistan bu gün sport ýurdy hökmünde hem dünýäde giňden tanalýar» diýip nygtaýan hormatly Prezidentimiziň köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketini we sporty höweslendirmek, ösdürmek, wagyz etmek meselelerini hemişe üns merkezinde saklaýandygyna her birimiz şaýatdyrys.

Begmyrat OJAROW,
Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň Sport çärelerini guramak we utgaşdyryş guramasynyň baş hünärmeni.